4-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Mohammad Faýazi
bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň çäklerinde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň
ýolbaşçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrine öz ynanç hatlarynyň
nusgalaryny gowşurdy.
Gepleşikleriň dowamynda Mohammad Faýazini ÝUNISEF-iň
Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenmegi bilen
gutlap, R.Meredow oňa ýurdumyzyň bu halkara düzümi bilen hyzmatdaşlygynyň
ösdürilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri we täze sepgitleri arzuw etdi.
Diplomatlar hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp,
Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň
ösdürilmegi üçin ileri tutulýan ugurlaryny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp
maslahatlaşdylar.