Türkmenistanyň Prezidenti:

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 

— Anyk dünýägaraýşa daýanyp, biz goňşularymyz bilen parahatçylykda we ylalaşykda ýaşamak, ähli ýurtlar bilen dostlukly, deňhukukly gatnaşyklary saklamak, olar bilen özara bähbitli ykdysady, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek isleýäris. Şol dünýägaraýşyň esasynda bolsa bitaraplygyň, parahatçylyksöýüjiligiň we hyzmatdaşlygyň mizemez ýörelgeleri durandyr.

Bilşimiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» hakda Rezolýusiýa kabul edilipdi. Maslahatda BMG-niň şol wagtky agzalary bolan 185 döwlet Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesini biragyzdan ykrar edipdi. Bu ýagdaý halkara syýasatynda täze bir sahypanyň, täze bir ýoluň we täze ugruň dörändigini buşlady. Bu biziň ýurdumyz üçin uly taryhy ýagdaý bolup, döwletimiziň halkara gatnaşyklarynda gazanan uly syýasy üstünlikleriniň biridir. Ýeri gelende bir zady aýratyn bellemeli: hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolan ilkinji döwlet Türkmenistandyr.

Kanun esasynda berkidilen Bitaraplyk syýasaty uzak maksatlary nazarlaýar. «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Kanunyň döremegi döwletimiziň öz syýasy ýörelgelerine berk eýerjekdigine, dost-doganlygyň berkemegine goşant goşjakdygyna güwä geçýär.

Eýsem, Bitaraplyk näme? Bitaraplyk, dawa-jenjellere goşulyşmazlyk, tarap çalmazlyk, asudalyk we ýurduň ykdysady hem syýasy taýdan has-da ösmegine, dünýäde halkara hyzmatdaşlygynyň giňemegine, hoşniýetli dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklarynyň barha ynamly ýola goýulmagyna itergi bermekdir. Ýöne manysy babatda gerimi giň Bitaraplygyň nämedigine doly düşünmek üçin şu sanalanlar bilen kanagatlanmak bolmaz. Bitarap döwlet bolanymyz bäri biziň dostluk-doganlyk gerimimiz giňedi. Şonuň netijesinde ýurdumyzda halkara ylmy-amaly maslahatlar, forumlar, daşary döwletleriň medeni günleri, daşary döwletlerde türkmen medeniýet günleri yzygiderli geçirilip durulýar. Biziň döwletimiz parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Döwletara gatnaşyklarynda deň hukuklylyk, özara hormat goýmak we başga döwletleriň içeri işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerinden ugur alýar. Türkmenistanyň baky Bitaraplygy BMG-niň resminamasynda kesgitlenişi ýaly, dünýäde parahatçylygy gorap saklamak we ony berkitmek maksatlaryna gulluk edýär.

Pederlerimiziň arzuwlan Garaşsyz Watanymyzyň kuwwatlanmagynda, dünýäde tanalmagynda, onuň halkara bileleşiginde uly abraýdan peýdalanmagynda Bitaraplygyň ähmiýeti örän uludyr. Bitaraplyk – agzybirligiň, abadançylygyň, asuda ýaşaýşyň, ýagty geljegiň kepilidir. Bitaraplyk parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, çalt we yzygiderli ösüşlere, şeýle-de milli däp-dessurlarymyzy döwrebaplyk bilen dowam etdirmegimize gönükdirilen tutanýerli özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň sessiýalarynda diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerini nazarda tutýan, çuň manyly, sagdyn pikirlere ýugrulan we umumadamzat ähmiýetli teklipleri öňe sürýär. Bu teklipler halkara hukugynyň kämilleşmegine, parahatçylygyň, abadançylygyň has-da berkemegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalanmagyna ýardam berýär.

Şeýle şanly wakadan bäri 26 ýyl geçdi. Göräýmäge sanalgy ýyl geçenem bolsa ol ýyllaryň içinde ýurdumyzda umumadamzat ähmiýetli ençeme işler amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň halkara syýasaty ösüşiň belent derejesine ýetdi. Döwletler bilen diplomatik gatnaşyklarymyzyň gerimi giňedi. Türkmenistan içeri we daşary syýasatynda ägirt uly üstünlikleri gazandy. Ol ylalaşdyryjy merkeze we ygtybarly hyzmatdaşa öwrüldi. Diýarymyzyň halkara derejesindäki abraýy bolsa barha artýar. Biziň ýurdumyz bagtyýarlygyň we agzybirligiň mekany hökmünde adygýar.

Edil şanly Garaşsyzlygymyz ýaly, türkmen Bitaraplygynyň hem şu günki güne çenli beren miweleri barmak basyp sanardan kän. Şu döwürde beýleki döwletler bilen bir hatarda goňşy döwletler bilen gatnaşyklar has berkedi. Häzirki güne çenli olara ynsanperwer kömekler yzygiderli berlip gelinýär. Häzirki wagtda Türkmenistan iri halkara guramalarynyň birnäçesiniň agzasy bolmak bilen ýurdumyz möhüm halkara-hukuk resminamalarynyň ençemesine goşuldy we olary talabalaýyk berjaý edýär.

Ähmiýeti, zerurlygy babatda beýleki şatlykly pursatlardan tapawutlanýan Bitaraplygy alan günümiz taryhyň sahypalaryna ýazyldy. Halkymyz şeýle gymmatlyklary mukaddeslik derejesine ýetirýär we däp bolşy ýaly şol güni baýram edip belleýär. Her ýylyň 12-nji dekabry ýurdumyzda Bitaraplyk baýramy uludan bellenilip geçilýär. Bu biziň halkymyz we döwletimiz üçin Bitaraplygyň mukaddesdigini görkezýär.

Hatyja SÄHETMÄMMEDOWA,

TDBGI-niň Inžener mehanika fakultetiniň talyby.