Paýtagtymyzda nobatdaky köp gatly ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga berilmegi
mynasybetli dabara geçirildi. Maşgalalaryň ýüzden gowragy Parahat — 7/3
ýaşaýyş toplumynda bina edilen täze jaýdan oňaýly öýleriň açarlaryny aldylar.
Jaýyň ýanaşyk ýerleri hem abadanlaşdyrylypdyr, şol ýerlerde çagalaryň
oýnamagy, sport bilen meşgullanmak, medeni-köpçülik çärelerini we dabaralary
geçirmek üçin meýdançalar bar. Jaýlaryň töwereginde güller, gök otlar ekilipdir,
köçeler yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edilipdir.
Oňaýlylyk, oýlanyşyklylyk, amatlylyk, gözellik, ygtybarlylyk hem-de
öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, ekologiýa ölçegleri ýurdumyzda
gurulýan ýaşaýyş toplumlarynyň, dolandyryş, senagat, sport we durmuş
binalarynyň, ulag düzümleriniň desgalarynyň baş alamatlarydyr.
Paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçillik maksatnamasynda aşgabatlylaryň oňaýly
durmuşy üçin hemme şertler göz öňünde tutulýan ýaşaýyş toplumlarynyň
gurulmagyna aýratyn orun berilýär. Her aýda diýen ýaly peýda bolýan täze
ýaşaýyş toplumlary çalt ösýän Parahat — 7 munuň mysallarynyň biridir.