Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Çon Yý Ýon bilen hem gepleşikleri geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ministrler Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde alnyp barylýan hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Bu ugurda diplomatlar yzygiderli köpugurly konsultatiw meýdança hökmünde çykyş edýän «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň işine ýokary baha berdiler. Şunda onuň energetika, infrastruktura, ulag we logistika, ylym we tilsimatlar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, sanlylaşdyrmak, dokma we tokaý senagaty, oba hojalygy, howanyň üýtemegi we daşky gurşaw, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we medeni-ynsanperwer ulgamyndaky özara hereketler ýaly ugurlar boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ähmiýetli goşant goşýandygy hem nygtaldy.