Müsür Arap Respublikasynyň Kair şäherinde Bütindünýä suw geňeşiniň
Dolandyryjylar geňeşiniň nobatdaky mejlisinde geçirilen geňeşiň çözgüdi esasynda
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti Bütindünýä suw
geňeşiniň agzalygyna kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat
edarasy habar berýär.
Bütindünýä suw geňeşi — hünärmenleri we halkara hökümet we hökümet däl
guramalaryny birleşdirýän köptaraplaýyn halkara, söwda däl meýdançadyr. 1996-
njy ýylda döredilen geňeş dünýäniň 50 ýurdundan 300-den gowrak guramany
özünde jemleýär. Onuň merkezi edarasy Marselde (Fransiýada) ýerleşýär.
Belläp geçsek, Merkezi Aziýa sebitinde oba hojalygynda we senagatda,
elektrik energiýasynyň önümçiliginde, ilaty agyz suwy bilen üpjün etmekde esasy
suw çeşmesi hökmünde derýalar hyzmat edýär. Olaryň ählisi diýen ýaly bolsa –
serhetara ýerleşendirler.
Türkmenistan Gazagystan, Özbegistan, Eýran we Owganystan bilen
serhetleşýär hem-de dört sany serhetara derýalardan — Amyderýadan, Tejenden,
Etrekden we Murgapdan ylalaşylan kwotalara laýyklykda gelýän suw
serişdelerinden peýdalanýar.