Londonyň Albert zalynda British Fаshion Awаrds 2021 dabarasy geçirildi, dabarada moda dünýäsiniň görnükli işgärlerine, şeýle hem bu pudakda täze açylyş edenlere baýraklar gowşuryldy.

“Ýylyň dizaýneri” atly esasy tituly Dior Men we Fendi kompaniýasynyň döredijilik müdiri Kim Jonsa gowşuryldy. Ýene-de bir abraýly baýrak – ýaş moda dizaýnerlerine berilýän “BFC gaznasynyň sylagy”, Nensi Dožaka (Ünsi Dokalan) berildi.

Onuň gamaşdyryjy egin-eşikleri her gyzyl haly üçin aýrylmaz bolan Simon Roşa, “Britaniýanyň garaşsyz markasy” kategoriýasynda iň gowusy boldy we meşhur Tommi Hilfiger “Ajaýyp üstünlikler üçin” baýragyny aldy.