Syçanlarda geçirilen barlaglar, ftalat – ýagny plastmassanyň berkligini
ýokarlandyrmak üçin ulanylýan himiki maddanyň ganyň plazmasynda holesteriniň
derejesini ýokarlandyrýandygyny görkezdi. Munuň sebäbi, disiklogeksil ftalat
diýip atlandyrylýan himiki madda görnüşleriniň biri, X-pregnana reseptoryna berk
baglanşmagydyr. Bu bolsa holesteriniň siňdirilmegi we daşalmagy üçin zerur
beloklaryň täsirliligini ýokarlandyrýar.
Şeýle hem alymlar, disiklogeksil ftalat täsirine duçar bolan syçanlaryň
içegelerinde adamda ýürek-damar keselleriniň döremek töwekgelçiliginiň
ýokarlanmagy bilen baglanyşykly köp mukdarda aýlanýan seramidleri, lipid
molekulalaryny tapdylar.
Disiklogeksil ftalat, giňden ulanylýan ftalat plastifikatorydyr, ol ABŞ-nyň
daşky gurşawy goramak gullugy tarapyndan kesgitlenen howpuň has
artykmaçlykly maddasy bolup durýar.
Aýlar WELIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby