2021-nji ýylyň iň parlak kometasy diýlip atlandyrylýan C/2021 A1 (Leonard)
, Messier 3 atly, ýyldyzlaryň üýşmeginiň fonunda surata düşürildi.
Täsirli surat bilen, Arizonaly astrosuratçy Kewin Legor paýlaşdy.
Leonardo kometasy sekuntda takmynan 70 km tizlik bilen Ýere ýakynlaşýar.
Hazirki wagtda ony dürbi ýa-da teleskop bilen Ýyldyz göteriji ýyldyzlar
toplumynda görmek bolýar. Has gowy, C/2021 A1 ýakyn wagtlarda Ýerden 35
million km geçende görüner. Kometany ýönekeý göz bilen synlap bolar.
Suratda düşürilen, Messier 3 ýyldyzlaryň üýşmegi, ýerden 33,9 müň ýagtylyk
ýyl aralygynda ýerleşýär. Ol iň uly we iň ýagty hasaplanýar. Messier 3, 500
müňden gowrak ýyldyzdan ybarat.
Mährijemal NEDIROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby