Ata alkyşy – altyn.
* * *
Ata-enäniň bermedigini, ak bazar berer.
* * *
Ata-enäniň dogasy oda-suwa batyrmaz.
* * *
Ata-enäniň göwni ogulda-gyzda,
Ogul-gyzyň göwni dag bilen düzde.
* * *
Ata-enäniň öwretmedigini, heňňam öwreder.
* * *
Ata-enesini tanamadyk, Taňrysyny tanamaz.
* * *
Ata – sap, ene – gap.
* * *
Ata sözi hikmet, ene sözi rehmet.
* * *
Ata ýeri – şehit, ene ýeri – behişt.
* * *
Atadan ogla miras, eneden – gyza.
* * *
Ataň barka, dost gazan, atyň barka ýol.
Taýýarlan: Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.