Abu Bekr ar-Razy dünýä ylmynyň taryhyna has tanymal, meşhur lukman –
klinaçy we himiýa ylmyny esaslandyryjylaryň biri hökmünde girýär. Onuň şöhraty
orta asyrlar Ýewropada Awisenna (Abu Aly Ibn Sina) bilen deň derejede
tutulypdyr.
Abu Bekr Muhammet Zakiriýa ar-Razynyň musulman ýurtlaryndaky şan –
şöhraty, diňe lukmançylyk we alhimiýa işleri bilen esaslanman, eýsem, tebigy we
nusgalyk filosofiýa işleri bilen hem meşhur bolupdyr. Abu Bekr Ar-Razy 865-nji
ýylda Eýranyň merkezi Tähran şäheriniň ýakynynda ýerleşýän Reýde eneden
dogulýar. Onuň kakasy täjirçilik bilen meşgullanmak bilen, ogluna ilki başdaky
bilimi we ylmy ýeterlik derejede bermegi başarýar. Abu Bekr ar-Razy başlangyç
bilimi Reý şäherinde ýerleşen medresede alýar. Soňra Merwde, Buharada,
Samarkantda ýerleşen ylmy medreselerde dürli ugurdan ylymlary, aýratyn-da
filosofiýany, metafizikany, poeziýany, medisinany we alhimiýany öwrenýär. Ol
ýaşlyk ýyllaryndan başlap metallar bilen tejribeleri geçirýär. Ol 895-nji ýylda
Bagdat şäherine tarap ýola rowana bolýar. Ol ýerde bolsa lukmançylyk ylmynyň
içki syrlaryny öwrenýär. Köp wagt geçmänkä ar-Razy musulman äleminde meşhur
lukman bolup ýetişmegi başarýar.
Ar-Razy ylymlaryň dürli ugurlary boýunça eserler ýazan hem bolsa, onuň
ylmy işleriniň köp sanlysy medisina we alhimiýa degişlidir. Onuň alhimiýa
boýunça işleriniň arasynda “Syrlaryň kitaby” we “Syrlaryň syrlarynyň kitaby” atly
işleri dünýä ylmynda uly meşhurlyga eýe bolýar. Abu Bekr ar-Razy grek
filosoflarynyň parsça we siriýa dillerinde bar bolan, aleksandiýaly awtorlaryň
işlerini örän gowy bilipdir. Şeýle-de, arap alymlarynyň ylmy eserlerini-de
(çeşmelerini-de) gowy öwrenipdir.

Abu Bekr Muhammet ibn Zakiriýa ar-Razynyň ylmy işleriniň häzirki zaman
ylymlarynyň ösmegi üçin uly ähmiýeti bardyr. Onuň esaslandyran köp sanly ylmy
işleri şu günki günlerde hem özüniň ýaşamagyny dowam etdirýär.

Yhlas ÝAZOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyn weterinar lukmançylygy fakultetiniñ
Ykdysadyyet we dolandyryş(oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby.