Ata-Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz.
* * *
Watanyň tüssesi ýat iliň odundan ýagşy.
* * *
Ýeri ýokda, Watan ýok.
* * *
Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan – ölinçä.
* * *
Towşana dogduk depe
* * *
Adam edebinden tanalar, ýurt – tugundan.
* * *
Dag ýeri – duman, ýurt ýeri – çemen.
* * *
Ýaryňy ýitirmek – ýaryny ýitirmek, Watanyňy ýitirmek – baryny ýitirmek.
Taýýarlan: Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.