Türkmenistanyň awiatorlary Günorta-Gündogar Aziýa we Arabystan ýarym
adasyna täze ugurlary ýola goýarlar, şeýle hem Ýewropa ýurtlaryna gatnawlary
dikelderler. Ýakyn günlerde Kuala-Lumpura (Malaýziýa), Jidda (Saud
Arabystany), Birmingeme (Beýik Britaniýa) we Maýn boýundaky Frankfurta
(Germaniýa) uçar petekler satylyp başlanar. «Türkmenistan awiakompaniýasy»
AGPJ dekabryň ikinji ýarymyndan şol ýurtlara ýolagçy gatnatmagy amala aşyryp
başlar.
Türkmen awiatorlary ýylda halkara we içerki gatnawlarda üç milliona golaý
adama hyzmat edýärler. Ýewropa howpsuzlyk ulgamy talaplaryna laýyk
gelýändigini tassyklaýan sertifikatyň we Ýewropanyň şäherlerine
uçargatnawlaryna lizensiýanyň alynmagy awiakompaniýa üçin wajyp waka boldy.
Awiasiýa howpsuzlygy Ýewropa agentliginiň (AHÝA) Aşgabatda geçiren
göçme auditiniň netijeleri boýunça awiakompaniýa «üçünji ýurtlaryň operatory»
hökmünde ykrar edildi. Şeýlelik bilen Ýewropa agentligi «Türkmenistan
awiakompaniýasy» AGPJ-niň görkezilen birleşige girmeýän ýurtlaryň
awiakompaniýalaryna bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini tassyklady.
Ýewropa ýurtlaryna uçuşlara sertifkat «Türkmenistan awiakompaniýasy»
AGPJ-niň işgärleriniň we Lufthansa Consulting kompaniýasynyň bilermenleriniň
EASA-nyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça bilelikdäki işi netijesinde alyndy.
Bu işe uçuşlaryň hilini we howpsuzlygyny dolandyrmak, awiasiýa tehnikasyny
ulanmak we oňa tehniki hyzmat boýunça hünärmenler topary çekildi.
Bilermenler bilen bilelikde Ýewropa agentliginiň masahatlary durmuşa
geçirildi. Awiakompaniýanyň işiniň ähli ugurlaryna sanly tehnologiýalar
ornaşdyryldy. AMOS – Aircraft Maintenance and Engineering System
integrirlenen programma üpjünçiligi satyn alyndy. Awiakompaniýanyň
gulluklarynyň arasynda elektron resminama dolanşygy amala aşyrylýar, işgärler
okuw türgenleşigini geçdiler.