Häzirki döwürde ýurtlaryň ykdysady ösüşiniň adamyň täze tehnologiýalary döretmek we özleşdirmek, bilimleri almak we ulanmak ukyplary durýar we olaryň artdyrylmagy ýurtdaky sosial-ykdysady ilerlemäniň baş faktory bolýar. Netijede, ýurduň ykdysadyýeti üçin diňe bir ýokary hilli esasy maýa zerur bolman, eýsem, jemgyýetiň baş öňe güýji bolan adam maýasy zerurdyr, sebäbi ýurduň baýlygy adam maýasy mynasybetli döreýändir. Öz mazmuny boýunça döwletiň milli adam maýasy ykdysady taýdan işjeň ilatyň döredijilikli öndüriji güýçleriniň köplüginiň jemidir we ol kärhana eýelerine, şereketlere girdeji getirip, ýurduň milli girdejisi hökmündäki agregatlaşan girdejini emele getirýär hem-de önümçilik aýlanyşygynda durmuşa geçýär. Şol sebäpli ýurtlar ylmy-tehniki ilerlemäniň dünýädäki gazananlaryny netijeli peýdalanmak üçin „adama goýulýan maýanyň" möçberini yzygiderli artdyrmaly bolýarlar. Adam maýasynyň hil sypatlarynyň ýokarlanmagy esasynda maddy önümçiligiiň netijeliligi artýar we sosial ýaýrawy maliýeleşdirmegiň çeşmeleri hökmünde ilatyň we döwlet býujediniň girdejileriniň köpelmegine ýardam edýär. XX asyryn ikinji ýarymyndan başlap adam maýasynyň ykdysadyýetdäki ornuna bolan gyzyklanma artdy. Sebäbi, milli baýlygyň düzüminiň maddy däl düzüm bölekleriniň (ýurduň ylymda gazanan üstünlikleriniň, ilatyň bilim derejesiniň we ýurtdaky saglygy goraýşyň hiliniň) tutýan paýynyň uly möçberi ýurduň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin birinji nobatdaky ähmiýete eýe boldy. Täze Galkynyş we Beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistanyň sosial- ykdysady ösüşinde bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynda durmuşa geçirilýän işler Türkmenistanуň Prezidentiniň sosial syýasatynda şol ýaýrawlardaky amala aşyrylýan özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. Hususan-da, bilim ýaýrawynda geçirilýän özgertmeler ýurtda biliminiň ähli basgançaklarynyň hukuk, ykdysady we usuly-mugallymçylyk jähtlerine galtaşýar we täze bilim syýasaty dünýä ulňülerine nazarlanýar. Bilim diýen düşünjäniň adam maýasyna gönükdirilýän maýagoýum hökmünde aňladylmagy soňky onýyllyklarda bilim ulgamyny dolandyrmagy häsiýetlendirýän esasy aýratynlyklaryň biri boldy. Umuman alanyňda, ykdysadyýete adam maýasy diýen düşünje biliminiň zähmet bazaryndaky tutýan ornuna düşünilmäge çalşylmagy bilen ornaşdy. Netijede, girdeji getirmäge, döretmäge mümkinçiligi bolan adamyň tebigy ukyplaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň jemi maddy gymmatlyk bilen deňeşdirilip, adam maýasy diýen düşünjede öz beýanyny tapdy. Bu ýerde maddy maýa bilen adam maýasynyň ikisiniň hem gelejekde girdeji getirmäge ukyplylyk häsiýeti olary özara baglanyşdyrýar. Şeýlelik bilen, “;adam maýasy&”; düşüjesi ykdysady edebiýata pugta ornaşdy we ol adamyň zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna hem-de onuň netijesinde şol adamyň girdejileriniň artmagyna ýardam edýän adamyň saglygynyň, bilimleriniň, ukyplarynyň we başarnygynyň belli bir goruny aňladyp başlady. Beýleki maksatlar (meselem, ilatyň iş bilen üpjünçiligine ýardam bermek ýa-da ýurtda puluň hümmetine gözegçilik etmek) hem bilim ulgamyndaky durmuş- ykdysady syýasata öz täsirini ýetirip bilýändir. Bu meseleleri seljermek we çözmek üçin bilime gönükdirilýän maýagoýumlaryň netijeliligini seljermek zerurdyr. Häzirki döwürde şol netijelilige baha bermek bilimi dolandyrmagyň fundamental görnüşli durmuş-ykdysady meselesine öwrüldi. Bilime gönükdirilýän maýagoýumlary ykdysady taýdan seljermek şol maýagoýumlaryň netijeliligini barlamak esasynda geçirilýär we bilim ulgamyna maýagoýumlary gönükdirmek üçin ileri tutulýan ugurlaryň takyk kesgitlenmegine ýardam edýär hem-de maýagoýumly taslamalar işlenip düzülende olaryň ylmy esasy bolup hyzmat edýär. Bilimiň täze maglumatlar bilen çalt baýlaşýan häzirki döwründe ol taslamalaryň sany we görnüşleri gün-günden artýar. Şeýlelikde, bilime maýagoýumy gönükdirmegiň ugruny saýlap almak meselesi çözülende, diňe bir ekonometrik maglumatlar däl-de, bilime gönükdirilýän maýagoýumlaryň ykdysady taýdan seljerilmeginiň netijeliligi hem hasaba alynmalydyr. Häzirki döwürde bilimi ösdürmegiň we onuň häzirki zaman jemgyýetmdäki ornuny kesgitlemegiň meseleleri dürli ugurlar boýunça barlanylýar. Bilimi ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri bilen bagly barlaglary geçirýän pedagoglaryň, psihologlaryň, häzirki zaman bilim tehnologiýalary boýunça hünärmenleriň we beýlekileriň işleri maýagoýumlaryň gönükdiriljek ugruny saýlap almagyň teoretiki esasyny düzýän dürli ugurly barlaglaryň möhüm bölegi bolup durýar Başgaça aýdylanda, bilime gönükdirilýän maýagoýumlary seljermegiň ykdysady usullary dolandyryş bilen bagly meseleler boýunça çözgütleri kabul etmek üçin maglumatlar bilen üpjün etmegiň möhüm tärleri bolup durýar. Ýöne maýagoýumlaryň ugruny saýlap almak meselesi toplumlaýyn häsiýete eýe bolýar we bu meseläniň çözgüdi ekonometriki wezipä däl-de, bilimi dolandyrmagyň durmuş-ykdysady ähmiýetli meselesine öwrülýär. Şol meseläniň bolsa durmuş-syýasy ýagdaýlar bilen giňden baglanyşdyrylyp çözülmegi gerekdir.

Ataýewa Patma Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby