Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüş ýolunda halkymyzyň azyk üpjünçiligini has-da pugtalandyrmakda uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan hem-de azyk borçlulygyny döretmekde möhüm orny eýeleýän oba hojalyk toplumyny ylmy esasda hemmetaraplaýyn düýpli özgertmäge aýratyn üns berilýär. “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bu babatda durmuşa geçirilmeli işleriň anyk ugurlary kesgitlenilýär. Halkymyzyň azyk önümlerini hem-de senagat pudagynyň çig mal serişdelerine bolan isleglerini ýerli önümçilikleriň hasabyna üpjün etmek, sarp ediş bazaryna daşary ýurtdan getirilýän azyk harytlaryny özümizde öndürilýän, ýokary hilli, tebigy taýdan arassa önümler bilen çalyşmak, şeýle-de ýer hem-de beýleki tebigy serişdeleriň önüm berijiligini yzygiderli ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiziň agrar syýasatynyň aýratyn ileri tutulýan ugurlarydyr.

Agrosenagat pudagyna ylmyň gazananlarynyň üstünlikli ornaşdyrylmagyna hem-de bilimli, tejribeli oba-hojalyk hünärmenleriniň kemala gelmegine netijeli itergiler berýär. Ösen tehnikanyň we tehnologiýanyň döwründe ykdysadyýetiň pudaklaryny, şol sanda oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak, möçberini artdyrmak durmuşyň talaby bolup durýar. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we önümçilige ösen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ösdürmek, şol bir wagtda-da daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet ähmiýetli syýasatlarynyň özenini düzýär.

Döwlet Baştutanymyzyň görkezmesi bilen Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi ýeralmanyň we gök-bakja ekinlerini ekmek hem-de önümleri öndürmek barada daýhan birleşikleri, daýhan hojalyklary, kärendeçileri we ýer eýeleri bilen şertnama baglaşmaga, öndürilen önümleri şertnamalaýyn bahalar boýunça satyn almaga hem-de önüm öndürijiler bilen wagtynda hasaplaşmaga borçly edildi. Bu ýyl gök-bakja ekinleri ekilýän ýer has-da giňeldildi.

Ýetişdirilen hasyl kuwwatly sowadyjylar bilen üpjün edilen ammarlarda saklanýar. Kompýuter ulgamy sowadyjy ammarda saklanylýan gök önümleriň, miweleriň, üzümiň we bakja önümleriniň görnüşine baglylykda bölümlerinde kadaly howany we çyglylygy saklaýar.

Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi ýokary götermekde, halkymyzyň hal-durmuş ýagdaýyny, medeni ösüşini hil taýdan dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmakda uly öňegidişler gazanylýar. Arkadag Prezidentimiziň howandarlygynda netijeli zähmet çekýän türkmen telekeçiler şeýle asylly maksada mynasyp goşant goşmagyň çäklerinde taýýar önümleriň möçberini artdyrmakda, olaryň elýeterliligini gazanmakda, ýerleri özleşdirmekde, maldarçylygy, guşçulygy ösdürmekde, täze iş orunlaryny döretmekde hem-de beýleki ugurlarda belent sepgitleri eýeleýärler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan Watanymyz gitdigiçe uly üstünliklere eýe bolýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda duran mähriban Prezidentimiziň ýurdumyzy gülletmek dogrusynda alyp barýan ägirt uly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris. Goý onuň jany sag, ili abadan, tutýan il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaç alsyn.

 Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Aşgabat şäherindäki

agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň

talyby Ogulbagt Hojaşowa