Amerikanyň Pantone reňk instituty 2022-nji ýylyň esasy reňki hökmünde gök
reňkiň täze görnüşini, PANTONE 17-3938 Very Peri-i saýlady diýip, guramanyň
web sahypasynda habar berilýär
Hünärmenleriň pikiriçe, bu döwrüň ruhunyň we adamzadyň başdan geçirýän
geçiş döwrüniň nyşanyna öwrüldi.
"Geljek ýylyň reňki, dünýä medeniýetinde bolup geçýän wakalary görkezýär
we adamlaryň jogap tapjak bolýan zatlaryny görkezýär" -diýip kompaniýanyň
wise-prezidenti Lori Pressman düşündirdi.
PANTONE 17-3938 Very Peri, gök we benewşe-gyzyl reňkleri
utgaşdyrýar,döredijilikli özüňi aňlatmaga itergi berýär, şadyýanlygy we joşgunly
barlygy görkezýär diýip,ol sözüniň üstüne goşdy.
Geçen ýylyň esasy reňkleri has çal (Pantone 17-5104 Ultimate Gray) we açyk
sary (Pantone 13-0647 Illuminating) reňkleri boldy.
2022-nji ýylyň esasy reňki saýlandy
