Fransiýanyň Ascendance Flight Technologies kompaniýasy 400 kilometrden
gowrak aralyga uçýan, gibrid elektrik uçarynyň konsepsiýasyny hödürledi. Ulag
üýtgeşik görünýär.
ATEA diýlip atlandyrylýan bu uçar bäş orunlyk. Onuň iki sany ganaty we T
şekilli dik hem kese guýrugy bar. Konstruksiýa nukdaýnazaryndan seredeniňde
onuň iň geň tarapy ganatlarydyr. Olara sekiz sany wentilýator oturdylan. Şeýle
hem, uçaryň öň we yzky tarapyna iki sany pere oturdylan. Bularyň kömegi
netijesinde appATEA şäher we sebit gatnawlary üçin niýetlenendir. Mundan
başga-da, ony halas ediş we logistika amallary, şeýle hem gözegçilik üçin ulanylyp
bilner.
Fransuzlar ganatynda wentilýatory bolan uçary görkezdiler
