Üç gezek futbol boýunça dünýä çempiony, braziliýaly oýunçy Pele, içegedäki
çişi aýrylandan soň bejergi almak üçin keselhana ýerleşdirildi. Bu barada Reýter
habar gullugy hassahananyň wekiline salgylanyp habar berýär.
81 ýaşly Peleniň ýagdaýynyň durnuklydygy habar berildi. Sentýabr aýynda ol
içegesindäki çişi aýyrmak üçin operasiýa edildi.
Pele, ýeke-täk – futbol boýunça üç gezek dünýä çempiony (1958, 1962, 1970).
Braziliýanyň milli ýygyndysy bilen 92 oýun oýnady we 77 pökgi geçirdi. Ol,
Halkara futbol federasiýasy tarapyndan 20-nji asyryň iň gowy futbolçysy diýlip
ykrar edildi. Hüjümçi Braziliýanyň “Santos” (1956-1974) we Amerikanyň “Nýu-
Ýork kosmos” (1975-1977) ýygyndylary üçin oýnady. Pele, karýerasy boýunça
1,279 goluň awtory hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Pele bejergi üçin keselhana ýerleşdirildi
