Belgiýanyň Bri şäherinde pyýada we awtoulag sürüjileri üçin bir giňişlik döredildi, diýip “Ýewropuls” habar berýär.
Bu ähli ýol ulanyjylaryna awtoulag ýolunyň ähli giňligini ulanmaga rugsat berlendigini aňladýar. Esasy zat birek-birege hormat goýmakdyr: sürüjiler zerur bolanda durmaly we howply ýagdaýlary döretmeli däl, pyýadalar bolsa ulaglara päsgel bermeli däldir.
Şeýle hem, indiden beýläk, Bri şäheriniň merkezinde diňe bellenen ýerlerde awtoulaglary goýup bilersiňiz. Bu awtoulaglaryň welosiped sürýänlere we pyýadalara päsgel bermezligi üçin edilýär.
Bu täzelikler şäherdäki awtoulaglaryň sanyny azaltmaga kömek eder diýlip garaşylýar, bu bolsa öz gezeginde galmagally hapalanmany peselder.