Strabon (miladydan öňki I asyr) gadymy grek geografy hem-de
taryhçysydyr. Ol grek dilinde 17 kitapdan ybarat bolan «Geografiýa» atly meşhur
eserini ýazypdyr. Kitapda geografii maglumatlar bilen bir hatarda taryhy wakalar
we etnografia barada-da gymmatly maglumatlar berlipdir. Şonuň üçin hem
Strabonyň bu eseri gadymy dünýä taryhy we geografiasy boýunça möhüm çeşme
hasaplanylýar. Eserde Ýer ýüzüniň adam ýaşaýan ýerleri, şol döwrüň belli ýurtlary
we halklary barada gymmatly maglumatlar berlipdir. Awtor bu eseri Rimiň döwlet
işgärlerine, serkerdelerine, dolandyryş edaralarynyň işgärlerine we söwdagärlere
niýetläp ýazypdyr. Şol kitaplaryň 1–2-nji jiltleri nazary häsiýetdedir, galanlary
ýurtlar we welaýatlar (3–6-njy jiltler – Ispaniýa, Galliýa, Britaniýa, Italiýa,
Sisiliýa; 7–10-njy – Demirgazyk we Gündogar Ýewropa, demirgazyk Balkanlar,
Gresiýa; 11–14-nji – Demirgazyk we Gündogar Gara deňiz, Kiçi Aziýa; 15–17-
njisi bolsa Hindistan, Mesopotamiýa, Arabystan we Müsür) hakyndadyr.
AÝNUR Nowýyewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby