“Red Bull” toparynyň niderlandiýaly sürüjisi Maks Ferstappen “Formula-1” ulag klasyndaky
awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň jemleýji, 22-nji tapgyry bolan Abu-Dabiniň
Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy. Ýaryş “Ýas Marina” awtodromynda
geçirilýär.
Ikinji orny britaniýaly Lýuis Hemilton (“Mersedes”) eýeledi. Üçünji orun hem Beýik
Britaniýanyň ýene bir wekili Lando Norrise (“Maklaren”) degişli boldy.
Ýaryş ýekşenbe güni geçiriler we Aşgabat wagty bilen 17:45-de başlar. Bu ýaryşyň ýeňijisi
dünýä çempiony bolar, şahsy hasapda liderler bolan Ferstappen bilen Lýuisiň utuklarynyň
sany deň – hersinde 369,5 utuk.
Ferstappen Abu-Dabiniň Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy
