“Leopard ülkesi” atly milli seýilgähde, suratçylar alymlar tarapyndan ýakynda
bellige alnan Leo 208F belgili dünýädäki iň seýrek pişigi surata düşürip bildiler, bu
barada tebigaty goralýan sebitiň metbugat gullugy habar berýär.
Menekli ýyrtyjynyň suratlary, ir-säherki günüň şöhlesinde düşürildi bu bolsa
gaplaňy ähli gözelligi bilen suratlandyrmaga mümkinçilik berýär. Pişikler
maşgalasynyň täze agzasy zehinli fotomodel bolup çykdy.
Ýyrtyjy diňe bir haýwan ýöreýän ýodasyndan geçmek bilen çäklenmän, ähli
tarapdan özüni görkezdi we hatda pişikleriň “duýgulary” bilen paýlaşdy: ýürege
düşgünç gargalara hüňňürdeýärdi we käte “ýylgyrýardy”, ys alyş organlary bilen
ýerli yslary howada alýardy.
Syýahatçylaryň birnäçe gün rahat ýaşamagy üçin, zerur goşlar bilen
enjamlaşdyrylan professional surat gaçybatalgasy, milli seýilgähiň myhmanlaryna
özboluşly surata düşmäge mümkinçilik berdi. "Leopardyň ülkesi" ,ýok bolmakdan
halas edilen Uzak Gündogar gaplaňlaryny şeýle şertlerde öz gözleriň bilen görüp
bolýan, dünýädäki ýeke-täk ýerdir.

EJEBAÝ Öwezowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby