Dil adamlary özara birleşdirýän, halklary dostlaşdyrýan hem-de adamlaryň arasynda sazlaşykly gatnaşygy saklamaga ýardam berýän möhüm serişdesidir.
Arap dili ýer ýüzünde giňden ýaýran dilleriň biridir. Bu dil 280 milliondan gowrak adam ene dili, 50 milliona golaýy ony ikinji dil hökmünde ulanýar. Arap elipbiýsinde 28 sany harp bolup olar sagdan çepe ýazylýar.
2012-nji ýyldan bäri her ýylyň 18-nji fewralynda Bütindünýä arap dili güni dünýä ýüzünde giňden bellenilip geçilýär. Bu halkara gününiň bu senede bellenilip geçilmegi, 1973-nji ýylyň 18-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 28-nji mejlisinde arap dilini guramanyň resmi – iş dili hökmünde ykrar edilmegi bilen baglanşyklydyr.
GURBANBIBI Jamanowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby