IMDb kino portaly saýt ulanyjylary tarapyndan proektiň sahypalaryny
görenleri seljerip, indiki ýylyň iň köp garaşylýan teleseriallaryň sanawyny
hödürledi.
Sanawda birinji ýerde "Drakonyň öýi" atly teleserialy durýar. Ýakynda çykjak
HBO fantaziýa şüweleňi, (2019-njy ýylda tamamlanan) öňki “Tagtlar oýny” hit
dramasynyň başlangyjy bolar.
"Drakonyň öýi" filmindäki waka, "Tagt oýunlary" wakasyndan 200 ýyl öň
Targarienler öýüniň töwereginde bolup geçer. Teleserialyň takyk ýaýlyma
goýberiljek senesi entek yglan edilmedi.
Şeýle hem ilkinji üçlügiň arasynda Amazonyň taýýarlaýan "Ýüzükleriň şasy"
we Hulu akym hyzmatlarynyň gysga-seriýaly "Pem we Tommy" bar.
Şeýle hem bu sanawa "Çägeden adam", "The Last of Us" ("Bizden biri"),
"Obi-Wan Kenobi", "Aýal-Halk", "Miss Marwel", "Parahatçylyk dörediji" we "Aý
rysary" girýär. Hödürlenýän proektlerin köp bölegi Marwel komikslerine
esaslanýar.
BAŞ SAHYPA: Dünýa täzelikleri 2022-nji ýylda iň köp garaşylýan teleseriallaryň dünýä reýtingi çap edildi
2022-nji ýylda iň köp garaşylýan teleseriallaryň dünýä reýtingi çap edildi
