Maksatlar, guramanyň işi haýsy maksatlary amala aşyrmaga ýollandygyny kesgitlemelidir. Strategiýa bolsa, haýsy usullar bilen gurama goýlan maksatlaryna ýetip biler diýen soraga jogap bermelidir.
Strategiýanyň doly manysy şu aşakdaky kesgitlemelerde aýan edilýär.
Guramanyň umumy strategiýasyny (edebiýatlarda kähalatlarda korporatiw strategiýa, işewür strategiýa diýip atlandyrylýar) wezipeleýin, nusgalyk strategiýalardan tapawutlandyrylmalydyr.
Wezipeleýin strategiýa (önümler-marketing, önümçilik, maliýe we ş.m) –bu guramanyň korporatiw strategiýasynyň aýry-aýry wezipeleýin ulgam bölümleriniň strategiýasydyr.
Önümler-marketing (marketing, önümler) strategiýasy – täjirçilik guramalarynyň korporatiw strategiýasynyň esasy ulgam bölümidir. Ol öndürilýän önüminiň görnüşleri, möçberi we hili boýunça we olaryň özüne degişli bazarlarda ýerleşdirilişi strategiki çozgüt işläp taýýarlamaga we kabul etmäge ýollanandyr. Bu strategiýany, guramanyň haýsy önümleri öndürmeleri, nähili hyrhlar bilen we haýsy bazarlarynda ýerlemeli diýen soraga jogap berýänligi sebäpli, esasy diýip atlandyrylýar. Aýratyn işewürlikiň strategiýasy (işewürlik-strategiýa) – anyk işewürlik üçin, anyk strategiýa. Bu strategiýa, kroporatiw strategiýanyň wajyp ulgam bölümidir. Eger-de gurama diňe işewürligi amala aşyrýan bolsa, onda işewürlik-strategiýa bilen korporatiw strategiýasy doly gabat gelýär. Utgaşdyrylan işewürlik-strategiýa – bir wagtyň özünde guramanyň amala aşyrýan birnäçe işewürlik – strategiýalaryny jemlenilmegidir. Edebiýatlarda giňden ýaýran – (etalon) ösüş iň görelde strategiýa, bu biziň pikirimizçe gelejekde täzeden işlenilmegine mätäç bolan, işewürliki ödürmek konsepsiýasydyr. Şol sebäpden, şu okuw gollanmada, umumy kabul edilen adalgalar bilen birhatarda “konsepsiýa” adalgasy hem ulanylýar.
Bu strategiýalar (konsepsiýalar) işewürligiň ösüp biljek ugurlaryny görkezýärler. Toplumlaýyn ösüş strategiýalarynyň (konsepsiýalarynyň) topary, bazaryň ösüşine ýa-da önümleriň ösüşine esaslanýar.
Goşulmagyň netijesinde ösüşiniň strategiýasy (konsepsiýasy) guramanyň iň ahyrky sarp ediji bilen aralykda ýerleşýän araçylaryň we üpjün edijileriň üstünden gözegçiligi güýçlendirmegiň hasabyna, guramany giňeltmegi göz öňünde tutulýar.
Işewürligi ösdürmegiň görelde (etalon) strategiýalaryň (konsepsiýalaryň) görnüşleri
Bu strategiýalar (konsepsiýalar) işewürligiň ösüp biljek ugurlaryny görkezýärler. Toplumlaýyn ösüş strategiýalarynyň (konsepsiýalarynyň) topary, bazaryň ösüşine ýa-da önümleriň ösüşine esaslanýar.
Goşulmagyň netijesinde ösüşiniň strategiýasy (konsepsiýasy) guramanyň iň ahyrky sarp ediji bilen aralykda ýerleşýän araçylaryň we üpjün edijileriň üstünden gözegçiligi güýçlendirmegiň hasabyna, guramany giňeltmegi göz öňünde tutulýar.
Diwersifikasion ösüşiň strategiýasy (konsepsiýasy) täze önümleri öndürmegiň hasabyna, ösüşiň täze mümkinçiligini gözlemegi çaklaýar.
Kemeltmek strategiýasy (konsepsiýasy) guramadaky düýpgöter üýtgeşmeler bilen bagly, kuwwatlaryň we aragatnaşyklaryň täzeden toparlandyrmagyna talaplar dörän ýagdaýlarda amala aşyrylýar.
Merjen MYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby