Döwrebap ykdysadyýetiň aýrylmaz bir bölegine öwrülen brend düşünjesi soňky ýyllarda ähmiýetini artdyran bolsa-da, onuň taryhy adamzat siwilizasiýasynyň dörän döwründen gaýdýar diýsegem ýalňyşmarys. Taryhy maglumatlar biziň eýýamymyzdan öňki 2700-nji ýyllarda hem gadymy müsürlileriň hojalyk durmuşynda brendingden peýdalanandyklaryny görkezýär. Olar, esasan, öý haýwanlarynyň kimiň eýeçiligine degişlidigini belli etmek üçin tagma basýan ekenler. Brend sözüniň özi hem gadymy skandinaw sözi bolan «brandr» sözüne esaslanýar we türkmen diline terjime edilende, «tagmalamak» diýmegi aňladýar. Ilki-ilkiler diňe emlägiň eýeçiligini belli etmek ýaly informatiw maksatlar bilen ulanylan brending wagtyň geçmegi bilen halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ulanylyp başlanýar.

Bäsleşik – bu komunikasion hadysadyr. Taslamany durmuşa geçirmekden daşary, bu taslama barada habar bermek zerurdyr. Ýurduň bäsdeşlik artykmaçlyklaryny düzmek – bu strategiki we analitiki mesele bolup durýar. Milli brendi döretmek üçin ähli ýerde hereket etjek belli bir kada ýokdur. Her bir ýurt özboluşly geňlikdir. Islendik ýurt näçe tanymal bolsa, şonça-da onuň abraýy kesgitlidir. Käbir ýurtlar üçin bu artykmaçlykdyr, käbirleri üçin bolsa uly ýetmezçilik bolup durýar. Eger-de haýsy bolsa-da bir ýurduň abraýy bäsleşiklik artykmaçlygyny düzmeýän bolsa, bu ýagdaýda rebrending zerur bolup durýar.

Rebrending – bu täze brendi döretmegi aňladýar. Ýurtara bäsleşikler we milli brending hemişe-de bardyr. Bu bäsdeşlik maýa goýumlary gazanmakda, iri taslamalary amala aşyrmakda, zehinli hünärmenleriň ünsüni çekmekde, bütindünýä

gyzyklandyrmasyny gazanmakda aýdyň bolýar. Milli brending – bu dünýä arenasynda şowhunly bäsleşigiň kepili bolup durýar. Milli brending – ýurduň bäsleşige ukyply artykmaçlyklary barada habar bermek üçin niýetlenen maksadaokgunly tarapa ugrukdyrylan komunikasiýalar. Milli brending – bu ajaýyp meňzeşlikleriň gözlegidir. XXI asyr XX asyrdan çylşyrymlydyr, sebäbi ozal diňe syýahat ediljek ýurduň ady bilen çäklenýärdiler, şu wagt bolsa şol ýurduň ähli şäherleriniň syýahatçylyk ýerleri göz öňünde tutulýar.

Jahan NURIDDINOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 2-nji ýyl talyby