Oýun reýtingleriniň meşhur agregatorynyň Metacritic sahypasy geçen ýylyň iň erbet oýunlarynyň sanawyny çap etdi.

Şeýlelik bilen, agregatoryň maglumatyna görä, iň şowsuz bäş oýnuň sanawynda birinji bolup, futbol simulýatory eFootball 2022 boldy.

Ikinji ýer barada aýdylanda bolsa, Nintendo Switch üçin Balan Wonderworld, Werewolf: The Apocalypse – Earthblood bolsa ilkinji üçlügi ýapýar. Mundan başga-da sanawa Taxi Chaos, Of Bird and Cage oýunlary girýär.

Altynjy ýeri ýaňy-ýakynda çykan täzelik – Grand Theft Auto: Trilogy – The Definitive Edition -yň remasterleriniň ýalňyş ýygyndysy eýeledi. Sanawdaky soňky ýerlerde The Trilogy — The Definitive Edition, I Saw Black Clouds, Arkham Horror: Mother’s Embrace, Demon Skin we Necromunda: Hired Gun oýunlary bar.