Insider Intelligence neşiri, indiki ýyl üçin maglumatlary bilen paýlaşdy. Şeýlelik bilen, analitikler, indiki ýyl haýsy sosial ulgamlaryň meşhur boljakdygyny öňünden kesgitlediler.

Iň meşhur sosial ulgam Facebook bolar diýlip çaklanylýar. Hünärmenleriň pikiriçe, ony 2,91 milliarddan gowrak adam azyndan aýda bir gezek ulanar. Ikinji orunda, suratlary we wideo mazmunyny çap etmek üçin Metanyň eýeçiligindäki sosial ulgam – 1,28 milliard görkezijisi bilen Instagram bolar. Hytaýyň TikTok serwisi, aýda takmynan 755 million işjeň ulanyjysy bilen üçünji ýerde durýar. Şeýle hem ilkinji bäşlige Snapchat we Twitter girdi.

Mundan başga-da,Insider Intelligence 2022-nji ýylda her aý sosial ulgamlary takmynan 3,57 milliard adamyň ulanjakdygyny öňe sürdi.