Waşington ştatynyň Takoma şäherindäki Point Defiance haýwanat bagynda Blizzard atly ak aýy 26 ýaşyny belledi. Ýerli adamlaryň iň halaýan aýysy bolan bu ak aýa, käşirden, nohut ýagyndan, gatykdan we çernikadan ýasalan ýörite doglan gün torty, şeýle hem uly arça we 100 kilogram agramly buzdan dag sowgat edildi.

Blizzard sowgatlara ýokary baha berdi: torty iýdi, arça agajyny çeýnedi we buzly üýşmegiň üstünde hezil edip togalandy. Bularyň hemmesi haýwanat bagynyň işgärleri tarapyndan surata alyndy we sosial ulgamlarda paýlaşyldy.

Olar aýynyň eýýäm garrydygyny, ak aýylaryň ortaça ömrüniň 23 ýaşdygyny aýtdylar. Hemmeler haýwanat bagynda Blizzardy gowy görýärler we hemişe onuň göwnünden turjak bolýarlar, ýöne onuň doglan gününi has aýratyn bellemäge synanyşdylar.