Täze gözleglere görä, ukynyň birinji fazasynda azyndan 15 sekuntlap galmak ýa-da gözüň haýal hereketi, meseleleri döredijilikli çözmek ukybyňyzy üç esse artdyrýar. Muňa gipnagogiýa ýagdaýy diýilýär. Bu ýagdaýda eşidiş, wizual, taktiki we logiki galýusinasiýalaryň bolmagy, şeýle hem ukydaky ysmazlyk bolmagy mümkin.
Täze gözlegde, 103 sany gatnaşyja yzygiderlilikde sekiz san görkezildi we olara, mümkin boldugyça çalt ýagdaýda sanlaryň içinden kanunçylygy tapmagy haýyş edildi. Iki gezek 30 synanyşykdan soňra, gatnaşyjylar 20 minutlyk dynç aldylar we olara şol döwürde gözlerini ýumup dynç almagy haýyş etdiler. Şol bir wagtyň özünde, her gatnaşyjy sag elinde haýsydyr bir predmeti sakladylar. Predmetiň ýere gaçmagy, gatnaşyjynyň uka gidendigini bilmäge kömek edýär. Pedmet ýere gaçmazdan öň ýany ol öz pikirleri hakda gürrüň berýär.
Netijede, uka gidip barýan gatnaşyjylar gizlenen kanunçylygy düýbünden uklamaýanlara garanyňda üç esse köp , ukusyny dowam etdirenlerden alty esse köp tapdylar.
Bäşimowa Aýça,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.