Uber soňky birnäçe günüň içinde ikinji gezek geň galdyrdy. Ilki bilen Amerikanyň kompaniýasy azyk önümleriniň orbita üstünlikli iberilendigini yglan etdi, indi bolsa pilotsyz awtoulaglardan peýdalanyp azyk önümlerini satuwa çykarmak meýilnamasy barada yglan etdi.
Häzirlikçe bu başlangyç, synagdan geçmeli ýagdaýda. Munuň üçin Uber, Hyundai kompaniýasylnyň pilotsyz bölümçesi Motional bilen birleşdi. Taslamanyň başlamagy 2022-nji ýyla meýilleşdirilýär. Uber Eats programmasynuň kömegi bilen eltip bermek hyzmatyndan peýdalanyp boljakdygy habar berildi, ýöne bu häzirlikçe diňe ABŞ-nyň Santa Monika şaheriniň ýaşaýjylary üçin mümkindir.
Häzirki wagtda synaga näçe awtoulagyň gatnaşjakdygy barada takyk maglumat ýok. Şeýle hem, kompaniýalar täze programmanyň doly başlanjak wagty barada maglumat bermediler.
Ýeke-täk bellemeli zat, eltip berme wagtynda, awtoulaglarda operatoryň boljakdygydyr. Bu howpsuzlygyň iň ýokary derejesini üpjün etmek üçin edilýär.