2022-nji ýylyň ikinji ýarymyndan Ýewropa Bileleşigi-niň territoriýasyna girmek sanly görnüşde bolar: pasport gözegçiliginde syýahatçylary robotlar barlagdan geçirer diýip, “Turprom” Ýewropanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanyp ýazýar.

Akylly ulaglar daşary ýurtdan gelýän myhmanlary ýüz we barmak yzlaryny tanamak arkaly tanap bilerler.

Biometrik barlagyň Ýewropa Bileleşiginiň daşyndan gelýän ähli raýatlarda ulanyljakdygy aýdyňlaşdyryldy. Syýahatçy syýahat etmezden ozal ýörite blankany doldurmaly we ýedi ýewro tölemeli. Ol makullanylandan soň üçünji ýurtlardan gelýän syýahatçylara ÝB aýlanmaga rugsat berler.

Täze ulgamyň kömegi bilen Ýewropa häkimiýetleri ýolagçylaryň rahatlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, çykdajylary azaltmak, maglumat bazalaryny doldurmak we terrorçylyk howpuny azaltmak isleýär.