ABŞ-nyň Long-Aýlend şäherinde ýaşaýan Krista Larokyň maşgalasy roždestwo baýramçylygyny bellemekçi boldular. Gynansagam, Kristanyň aýal dogany koronawirus keseli bilen keselledi we garyndaşlary bilen bir saçagyň başynda oturyp bilmedi. Emma şähdaçyk Krista garaşylmadyk bir çykalga tapdy.
Wirus bilen kesellän gyzjagaza aýna ýaly aňyrsy görünýän gutuda oturtdylar we hemmeler bilen agşamlyk edinmäge rugsat berdiler. Laroque Storyful-a: “Biz hakykatdanam roždestwo baýramçylygyny onuň bilen geçirmek isleýärdik” -diýip, Lorak Storyfula gürrüň berdi.
Ol wideodaky adamlaryň hemmesiniň bir öýde ýaşaýandygyny, şonuň üçin olara ýokaşma ähtimallygynyň adatdakysyndan ýokary däldigini sözüniň üstüne goşdy.