Kaliningrad sebitiniň gubernatory Anton Alihanow, Kaliningraddaky “Awtotor” awtoulag zawodynyň iki sany elektrik ulagy öndürip başlajakdygyny we olaryň biri çäkli mümkinçilikleri bolan adamlar üçin çykarylar diýip, gürrüň berdi.
Alihanowyň aýtmagyna görä, “Awtotor” zawodynda eýýäm Ýewropaly dizaýnerler bilen bilelikde ýasalan bu maşynlaryň konsepsiýasy bar.
2023-nji ýylda, ilkinji senagat toparyna degişli birnäçe müň awtoulag çykarmaga taýýarlanýar. Bir model ýaşlar üçin bolar, şäher sitiulagy. Ikinjisi bolsa olara görä ýörite uýgunlaşdyrylyp ýasalan maýyplar üçin bolar.