Täze ýyl baýramçylygy düşünjesi b.e.öň 2000-nji ýyldan bellenilip başlaýar. Mesopotamiýalylar Täze ýyly bellän ilkinji adamlardy. Indi dürli halklar bu güni dürli görnüşde belleýärler, käbirleri dürli iýmitler bilen, käbiri feýerwerkler bilen belleýärler. Erbet endikleri taşlamak we käbir gowy zatlara başlamak üçin bu gün hemmeler üçin örän gowy gündir.
Dünýäniň köp ýerinde 1-nji ýanwar Täze ýyl hökmünde bellenilýär. Şeýle-de, Rimiň imperatory Ýuliliý Sezaryň bu güni milli baýram hökmünde ilkinji bolup yglan edendigi aýdylýar. Ýanwar aýyny rim gapylarynyň we derwezeleriniň hudaýy Ýusanus diýip atlandyrdy.
Täze ýyly 1-nji ýanwarda bellemek hiç wagt adaty bir zat däldi. Ondan öň 1-nji mart rimliler tarapyndan bellenilipdi. Käbir beýleki medeniýetlerde Täze ýyl bellemek üçin güýz howasyny ýa-da gyş paslyny ulandylar.
Parslar gadymy döwürde Täze ýylda bir-birege ýumurtga sowgat edýärdiler. Ol bol önümçiligi alamatlandyrýar.
Täze ýyl güni gara gözli nohut, kelem iýmek Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň birnäçe ýerinde üstünlik getirer diýip hasaplanýar.
Takmynan 2000-nji ýylda wawilonlylar 23-nji martda bu güni bellediler.
Ispaniýada we Peruda adamlar ýakyn 12 aýda üstünlik gazanmak üçin sagat 12-de üzüm iýýärler.
Eneş ÖDEKOWA ,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.