Ykdysadyýetçileriň kesgitlemeklerine görä, 2021-nji ýyl boýunça, Tel Awiw  ýaşamak üçin ilkinji orunda dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawynda birinji orunda durýar.  Ondan öň bolsa Pariždi.

Bilermenleriň düşündirişine görä, Tel Awiwiň reýtingdäki ýokarlanmagy ýerli walýutanyň dollara garşy hümmetiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr.  Hasabatda, şol bir wagtyň özünde analitikler tarapyndan reýtingiň emele gelmeginde göz öňünde tutulan harytlaryň takmynan 10% -iniň bahada ep-esli ýokarlanandygy aýdylýar. Şeýle gymmat bahaly şäherleriň hatarynda Gonkong, Nýu-York, Ženwewa, Kopengagen, Los Anžales we Osaka bar. Moskwa hem dünýäniň iň gymmat 100 şäherine girip, 96-njy ýerde durýar.

Umuman alanyňda, bu reýting dünýäniň 173 esasy şäherini öz içine alýar.  Analitikler ýaşaýyş bahasyna baha bermek üçin 200-den gowrak haryt we hyzmatlaryň bahasynyň üýtgemegini deňeşdirdiler.  Sanaw her alty aýdan bir gezek düzülýär.

Dünýädäki iň arzan şäher Damask hasaplanýar. Reýtingiň iň aşaky böleginde Tripoli, Daşkent, Tunis, Almaty, Karaçi, Ahmedabad, Al Algerir, Buenos Aýres we Lusaka bar.

Söhbet SETDAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby.