“Maliýe” adalgasynyň gelip çykyşy barada birnäçe nukdaýnazarlar bar. Käbir alymlar şu adalga Italiýanyň söwdany alyp barmakda meşhur şäherlerinde (Genuýa we Florensiýa) ýüze çykdy diýip nygtaýarlar, soňra bolsa, ol halkara gatnaşyklarynda peýdalanylyp başlandy we ilat bilen döwletiň arasynda ýüze çykýan pul gatnaşyklary ulgamy bilen baglanyşykly düşünje hökmünde öz beýanyny tapdy. Beýleki alymlar 1755-nji ýylda “Respublika barada alty kitap” ylmy işini çap eden fransuz alymy J.Boden şu düşünjäni adaty durmuşa ornaşdyrdy diýip öz pikirlerini ýöredýärler.

Döwletiň döredilmegi ýokary häkimiýet hökmünde döwlet bilen üznüksiz önümçilik gatnaşyklaryna gatnaşýan beýleki subýektleriň arasynda öndürilen ykdysady naz-nygmatlary paýlamak we gaýtadan paýlamak boýunça takyk gatnaşyklarynyň kesgitlenilmegini şertlendirýär. Diýmek, şu gatnaşyklar “maliýe” düşünjesini takyklaýarlar. “Maliýe” diýilýän düşünje latyn dilinde “financia” diýlip atlandyrylýar we nagt pul ýa-da girdeji manyny aňladýar. “Maliýe” düşünjesi türkmen diline, megerem, pul-haryt gatnaşyklarynyň degerli derejede ösmedik we natural hasaplaşyklaryň höküm süren şertlerinde orta asyrlar döwründe mäkäm ornaşdyryldy diýlen çaklamalar bar. “Maliýe” adalgasy diňe maldarçylyk önümlerine (düýe, goýun, sygyr, eşek we ş.m.) däl-de, eýsem-de ekerançylygynyň önümlerine (bugdaý, bürünç, arpa, künji we ş.m.) ölçeg birligi hökmünde peýdalanylanda öz aňlatmasyny tapypdyr. “Maliýe” düşünjesiniň gelip çykyşy baradaky has giňişleýin we syrly maglumatlary taryh ylmy häzirki wagta çenli öz syrly sandyklarynda saklaýar.

Natural gatnaşyklarynyň agdyklyk edýän jemgyýetlerinde gaýtadan paýlaýyş prosesleri natural görnüşli salgytlar we aýry-aýry şahsy borçlar berjaý edýär-diler. Pul-haryt gatnaşyklarynyň ösmegi gaýtadan paýlaýyş gatnaşyklarynyň görnüşleriniň üýtgemegine getirdi, olar, adatça pul häsiýete eýe boldy. Ýöne onuň manysy düýpgöter üýtgemedi. Şol bir wagtda jemgyýetde döredilen ykdysady naz-nygmatlaryň islendik gaýtadan paýlaýyş prosesini maliýä degişli etmek, doly hakykata laýyk gelmeýär. Adatça, “maliýäniň” häzirki zaman düşünjesini döwlet gaznasyny aýrybaşgalamak, döwlet býujetiniň emele gelişiniň tapgyrlaryna degişli etmek bolýar.

Maliýäniň mazmunynyň, maliýe gatnaşyklary baradaky düşünjäniň üýtgäp durýandygyny belläp geçmek zerurdyr. XVII asyryň ahyryndan XX asyryň ahyryna çenli maliýe ykdysady kategoriýasyna ylmy garaýyşlaryň üýtgändigi barada S.Wittäniň ylmy işinde tutumly we jaýlaşykly aýdylyp geçilýär. “… XVII asyryň ahyryndan “maliýe” adalgasy diýlip döwlet emläginiň ähli jemine we umuman döwlet hojalygynyň umumy ýagdaýyna düşünilip başlanyldy. Döwletiň ygtaýarynda bar bolan maddy serişdeleriniň ähli jemi, çünki onuň girdejileri, çykdajylary we bergileri baradaky manyda “maliýe” düşünjesi häzirki wagta çenli hem şeýle düşünilýär. Şeýlelikde, maliýe baradaky ylmy has dürs we anyk görnüşde döwletiň maliýe islegleriniň has netijeli kanagatlandyrylmagyň usullary baradaky ylym hökmünde kesgitlemek bolýar”.

Diýmek, maliýe düşünjesine ozaldan bäri döwletiň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen pul gaznalaryny döretmek we soňra olary peýdalanmak nukdaýnazarda garalandygyny belläp geçmek hökmanydyr. Soňra şu ykdysady kategoriýa “jemagat maliýesi” adalgasyna eýe boldy we häzirki wagtda şu adalga döwlet we ýerli maliýe (ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryň maliýesi) düşünjelerini öz içine alýar.

Abdykerim Muhanow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we

dolandyryş institutynyň uly mugallymy.