Aýry-aýry salgytlaryň mazmunyna düşünmek üçin olaryň elementlerini bölüp aýyrmak maksada laýykdyr. Salgydyň möhüm elementleri: salgydyň subýekti; salgyt göterijisi; salgyt binýady; salgyt özeni; salgydyň çeşmesi; salgyt salynmagyň birligi; salgyt haky; salgyt döwri; salgyt ýeňilligi.
Salgydyň subýekti (salgyt töleýji) – döwlet tarapyndan salgydy tölemek borjy üstüne ýüklenilen edara görnüşli ýa-da şahsy tarap. Takyk şertlerde salgydyň subýekti salgydy tölemek borjy başga tarapyň üstüne ýükläp bilýär we şol ýagdaýda ol salgydyň göterijisi bolup durýar.
Salgydyň göterijisi – öz hususy girdejisinden salgydy töleýän edara görnüşli ýa-da şahsy tarap. Şonuň bilen birlikde, salgydyň göterijisi salgydy döwlete däl-de, salgydyň subýektine geçirýär. Nusgawy mysal: haryt öndüriji – salgydyň subýekti, harydy satyn alyjy – salgydyň göterijisi.
Salgyt binýady – salgyt salmak üçin esas bolup durýan girdeji ýa-da emläk. Mysal üçin, iş haky, peýda, düşewünt, renta, gozgalmaýan emläk, gymmatly ka-gyzlar, sarp ediş harytlar we ş.m. salgyt salynýan binýat bolup bilýärler.
Salgyt özeni – salgyt salynýan binýadyň pul, fiziki ýa-da beýleki görnüşli häsiýetnamasy.
Salgydyň çeşmesi – salgydy töleýän salgydyň subýektiniň girdejisi. Salgyt girdejiniň diňe bir bölegidir we şol sebäpli ol ululygy boýunça girdejiden hemişe pes gelýändigini belläp geçmek möhümdir.
Salgyt salynmagyň birligi – salgydyň pul möçberi hasaplanylyp çykarylanda esas hökmünde kabul edilýän salgyt obýektiniň bir bölegi. Mysal üçin, şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydy boýunça Türkmenistanyň dahyllylary üçin milli pul birligi (manat) hyzmat edýär. Beýleki salgytlar boýunça Türkmenistana dahylsyz edara görnüşli taraplar üçin (şol sanda hasaplaşyklar salgyt ýumuşçyla-rynyň üsti bilen geçirilende) salgyt salynmagyň birligi bolup daşary ýurt ýörgünli pullar hyzmat edip bilerler (“Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 9-njy maddasy).
Salgydyň möçberi (stawkasy) – salgyt salynmagyň birliginden alynýan salgydyň möçberi. Salgydyň möçberleri absolýut jemde (berk möçber) ýa-da gö-terimde kesgitlenilip bilinýär. Mazmuny boýunça möçberler marjinal möçberlere (salgyt baradaky hukuk namalarynda gönüden-göni kesgitlenilýär), hakyky möçberlere (salgyt özenine degişlilikde tölenen salgydyň gatnaşygy görnüşinde takyklanylýar) we ykdysady möçberlere (ähli alnan girdejä degişlilikde tölenen salgydyň gatnaşygy görnüşinde hasaplanylýar) bölünýärler.
Salgyt haky – býujet gaznasyna tölenmäge degişli takyk döwür üçin salgydyň tutuş binýadyna hasaplanylyp çykarylan salgydyň jemi.
Salgyt döwri – salgyt hakynyň hasaplanylyşynyň döwrüni we býujet gazna-syna onuň tölenýän möhletini kesgitleýän wagt araçägi. Mysal üçin, Türkmenis-tanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda goşmaça töleg we goşulan baha üçin salgyt boýunça salgyt döwri – bir aýa, edara görnüşli taraplaryň peýdasyndan (girdejisinden) alynýan salgyt we emläk üçin salgyt boýunça – bir ýyla barabardyr.
Salgyt ýeňilligi – salgydyň möçberiniň pese düşürilmegi. Salgyt ýeňillikleriniň dürli-dürli görnüşleri ulanylýar, has takygy: salgyt salynmaýan iň pes möçberiniň girizilmegi (salgyt salynýan obýektiň bir bölegini salgytdan boşatmak); salgyt möçberini peseltmek; salgyt hakyny azaltmak; salgyt karzynyň berilmegi.
Salgyt hukugy – döwletiň çäginde salgytlaryň görnüşleriniň, salgyt hukuk gatnaşyklarynyň emele gelmegi, hereket etmegi, üýtgemegi we bes edilmegi bilen baglanyşykly salgytlaryň ýygnalyşynyň tertibini kesgitleýän hukuk ölçegleriň jemi. Salgyt hukugynda her bir salgyt boýunça onuň elementlerini kesgitleýän, hasaplanylyşynyň we tölenilişiniň düzgünini tertipleşdirýän, salgytlary ýatyrýan, tölenýän möhletlerini we berilýän ýeňillikleri, salgyt töleýjileriň jogapkärçiligini, salgyt edaralarynyň hereketlerine şikaýat edilişiniň tertibini takyklaýan ýörite ölçegler göz öňünde tutulýar.
Abdykerim Muhanow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy.

RU












