Türkmen Lideri fewral aýynyň başynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmegi teklip etdi. Mejlisde geljek 30 ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň Maksatnamasyna seretmeli we ony tassyklamaly. Şeýle hem 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini jemläp, şu ýyl üçin wezipeleri kesgitlemeli diýip hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet Baştutany Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek bilen bagly ähli işleri umumy utgaşdyrmagy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewe tabşyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz Hökümetiň ähli agzalaryna Halk Maslahatynyň bu mejlisine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.