1816 ýylda – Fransuz hökümeti Bonapart maşgalasynyň baky ýurtdan çykarylmagy barada karar çykardy;

1848 ýylda – Sisiliýanyň şasy Ferdinand II-ä garşy rewolýusiýanyň başlanmagy;

1881 ýylda – Russiýa tarapyndan Gökdepe galasynyň syndyrylmagy;

1945 ýylda – SSSR Gündogar Ýewropada faşist Germaniýasyna garşy giň gerimli hüjüm gurady;

1950 ýylda – SSSR dönüklik, içalyçylyk we wagşyçylyk üçin ölüm jezasyny girizdi;

1990 ýylda – Rumyniýa Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň ilkinjisi hökmünde, şeýle hem Warşawa şertnamasynyň öňki agzalary Kommunistik partiýany gadagan etdi;

1991 ýylda – ABŞ Kongresiniň iki palatasy-da Kuweýtdäki Yrak agressiýasyny bes etmek üçin prezident Jorj W. Buşa güýç ulanmaga ygtyýar berdi.

2005 ýylda – Cape Canaveral-dan “Deep Impact” kosmiki gämisi uçuryldy…

 Abdyreşit ATABAÝEW,

Turkmen dowlet binagarlik-gurlusyk institutynyň talyby