Maliýe baradaky ylmyň ýüze çykyşyny we ösüşini iki iri tapgyra bölüp aýyrmak bolýar. Rim imperiýasy döwründe başlap, XX asyryň ahyrlarynda tamamlanylan ilkinji tapgyr maliýäniň nusgawy nazaryýeti diýlip atlandyrylýan nazary beýanynda öz mazmunyny tapdy. Maliýäniň nusgawy nazaryýetiniň ornuny maliýäniň täze nusgawy nazaryýetiniň logikasyny alamatlandyrýan ikinji tapgyr tutdy. Maliýäniň nusgawy nazaryýetiniň mazmuny maliýe gatnaşyklarynda döwletiň ýokary orun tutýandygy bilen düşündirilýär. Maliýäniň täze nusgawy nazaryýetinde maliýe gatnaşyklarynda hususy çygrynyň (has takyk aýdanyňda, bu ýerde gürrüň iri kompaniýalaryň we maýa bazarlarynyň nukdaýnazaryndaky maliýesi barada gidýär) belent orun tutýandygy bilen şertlendirilýär. Birinji tapgyryň uzak döwri tutýandygy sebäpli, şol tapgyry aýry-aýry döwürlere bölmek maksadalaýyk bolardy. XIX asyryň maliýe ylmynyň meşhur nazaryýetçileriniň biri hasaplanýan Geýdelberg uniwersitetiniň professory K.Rau maliýäniň nusgawy nazaryýetiniň üç döwrüni belläp geçýär: maliýäniň ylmy däl, maliýäniň ylmy taýdan işlenilip düzülişine çe-meleşmeler we maliýä ylmy çemeleşmeler döwürlerini. Maliýäniň ylmy däl döwri iň uzak döwri gurşap alýar. Maliýäniň taryhçylary şol döwrüň başlangyç nokadyny gadymy Gresiýa we Rim döwletleriniň lary şol döwrüň başlangyç nokadyny gadymy Gresiýa we Rim döwletleriniň emele gelen döwrüne degişli edýärler. Şol döwürde köneçillik gylykhäsiýetler (patriarh) höküm sürüpdir we döwlete jemgyýetçilik isleglerini kanagatlandyrmak üçin serişdeleri toplaýan hususy tarap hökmünde garalypdyr. Döwletiň girdejileri birnäçe çeşmeleriň hasabyna emele gelýärdiler, olaryň esasy görnüşleri döwlet ýerlerini, känlerini, bazarlaryny, gämi duralgalaryny peýdalanmak üçin tölenýän töleglerden ybarat durýardy. Döwlet serişdeleriniň harçlanylyşynyň ugurlary hem aýratyn özboluşlyklary bilen tapawutlanmaýardylar. Şol döwürde çylşyrymly maliýe ulgamyny gurnamakda zerurlyk ýokdy, sebäbi döwlet çykdajylarynyň görnüşleri we olaryň harçlanylyşynyň ugurlary köp sanly we köp ugurly däldi. Orta asyrlarda maliýe meseleleri boýunça täze ulgamlaýyn ylmy çemeleşmeler işlenilip düzülmändi. Şeýle hem bolsa-da, hut orta asyryň ahyrlary alymlaryň aglabasy tarapyndan maliýäniň ylmy taýdan işlenilip düzülişine geçilişiniň ikinji döwrüniň başlan döwrüne degişli edilýär.
Leýli Aşyrowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy.