Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň ählitaraplaýyn ösüş ýoluna düşmegine giň mümkinçilik açyldy. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýeti ýokary ösüşlere eýe bolmak bilen ykdysady mümkinçilikleri barha ýokary galýar we dünýä arenasynda uly abraýa eýe bolýar.Asuda Watanymyzyň şu günki üstünligi Eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallalaryndan we onuň ýolbaşçylygynda agzybir çekilýän zähmetden gözbaş alýar.Durmuşymyza üýtgewsiz hakykat bolup galan bu ajaýyp jümleler her zähmet adamsynyň kalbynda joşgunly zähmet çekmäge iterýär. Döwletimiziňykdysady ösüşleri Watanymyzyň kuwwatlylygynyň has-da ilerlemegine, halkymyzyň hal ýagdaýynyň barha gowulaşmagyna edýän oňyn täsirleri, röwşengeljegimiziň ösüş ýolunda öňe barýandygyny habar berýar.

Ýurdumyzda telekeçiligi, hususyýetçiligi, şol sanda hususy önümçiligi goldamak maksady bilen amala aşyrylýan çäreler bu gün ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda wajyp orun eýeleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine geçilýän şertlerinde döwlete dahylsyz sektory ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ykdysadyýetiñ globallaşýan şertlerinde dünýä hojalygyna birikmek, halkara zähmet bölünişiginde öz mynasyp ornuñy tapmak meselesi progressiw ösüş ýoluny saýlan türkmen döwleti üçin uly ähmiýete eýedir. Ykdysadyýeti ösdürmegiñ döwlet maksatnamasy hojalygy ýöretmegiñ dünýäde ykrar edilýän usullaryndan ugur alýar we bazar ykdysadyýetiniñ ýörelgelerini giñden ornaşdyrmak üçin zerur şertleri döredýär. Dünýä derejesinde bolup geçýän ykdysady hadysalaryñ we prosesleriñ döwletleriñ milli ykdysadyýetine edýän täsiri ylymda we tejribede subut edilen hakykatdyr. Türkmen ykdysadyýetiniñ ösüş maksatnamalaryna laýyklykda bazar ykdysadyýetine geçmegiñ bir ugry hökmünde telekeçilige uly orun berilýär. Hojalygy ýöretmegiñ bazar gatnaşyklaryna geçmek ýörelgesi ykdysadyýeti döwlet tarapyndan dolandyrmak prosesiniñ ugruna, wezipelerine we usullaryna kemala gelen täze şertlere lýyklykda degişli üýtgeşmeler girizýär. 2008-nji ýylyñ mart aýynyñ 17-ne geçirilen Türkmenistanyñ hususy telekeçileriniñ sergi-maslahatyna gatnaşmak bilen hormatly Prezidentimiziñ telekeçiler bilen duşuşmagy we birnäçe meseleler boýunça olar bilen pikir alyşmagy telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw berilýänliginiñ ýene-de bir subutnamasydyr. Bu bolsa ösen ýurtlarda bolşy ýaly ýurdumyzda hem telekeçilige, telekeçilere uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.Daşary ýurtlarda telekeçilik işleriniň alnyp barylyşynyň tejribesini nazarda tutup, bu tejribäni öwrenmekde seljerme işlerini geçirmegiñ netijesinde, Türkmenistanda häzirki döwürde kemala gelen durmuş-ykdysady şertlerinde onuñ mümkinçiliklerini ulanmak maksada laýyk hasap edilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda her ýylda birnäçe döwletleriň telekçileriniň gazanan üstünliklerine bagyşlanyň halkara srgileri, we maslahatlary geçirilýär. Bular bolsa telekeçiligiň dünýä tejribesini öwrenmekde esasy işleriň biri bolup durýar. Bu babatda gyzyklanma bildirýän dünýä döwletleriniň köp sanlysy bilen özara sergiler yzygiderli geçirilýär. Ýaňy ýakynda geçirilen Türkiýew Respublikasynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň sergisi hem muňa mysal bolup biler. Ýeri gelende ýatlasak,2013-nji ýylyň sentýabr aýynda bolsa hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa döwletine nobatdaky resmi sapary amala aşyryldy.Hormatly Prezidentimiz resmi saparynyň çäklerinde “Ygtybarly hyzmatdaşlygyň röwşen geljegi ” atly türkmen-ýapon forumyna gatnaşdy. Forumyň barşynda döwlet Baştutanymyz çuň manyly çykyş edip, oňa gatnaşyjylary milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamynyň ösüşi bilen tanyşdyrdy. Ady agzalan birleşigiň agzalary ýurdumyzyň ykdysady ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.Munuň şeýledigini ýurdumyzyň jemi içerki ösüşinde döwlete degişli däl pudagyň paýynyň 40 göterime barabardygy aýdyňlygy bilen görkezýär. Müňkinçilikleri mundan beýläk-de hasda kämilleşdirmegiň aýdyň ýolumnda 2020-nji ýyla çeli bu görköziji 70 götörime ýeter diýilip çak edilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş ykdysady özgertmere ünsi çekmek bilen diňe bir “kiçi” we “orta” telekeçiligi däl, eýsem iri telekeçiligi ýola goýmagyň mümkinçilikleriniň öwrenilip başlandygyny aýratyn nygtapdy. Muny ýurdumyzyň paýtagtynyň täze edara ediş-işewürlik we medeni merkezini kemala getirmek bilen bagly Aşgabady ösdürmegiň 13-nji tapgyry amala aşyrmakda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalarynyň işjeň gatnaşandygy hem aýdyň subut edýär.

2009-njy ýylyñ 15-nji awgustynda kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda“ Türkmenistanyñ hususy telekeçilik işini maliýeleşdirmek hakyndaky” kanuna gol çekilmegi, ” Daşary yurt maýa goýumlary hakyndaky”, “Salgytlar hakyndaky” Türkmenistanyñ Bitewi kanunyna üýtgeşmeler we goşmaçalar girizmek baradaky karar telekeçiligiñ rowaçlanmagyna ýardam berjek döwlet çäreleridir. Häzirki döwürde Türkmenistanda telekeçiligiñ berk binýady kemala getirildi. “Açyk gapylar” syýasatynyñ üstünlikli alnyp barylmagynyñ netijesinde erkin ykdysady gatnaşyklaryñ ýola goýulmagy, ýeñillikli salgyt syýasaty, ýeñillikli karzlaryñ berilmegi telekeçiligi ösdürmeklige ýardam berýän faktorlaryñ jemidir. Şol sanda telekeçiligiñ milli kanunçylyk binýadyny emele getirmek, biznesiñ hukuk esaslaryny dünýä ülñülerine laýyklykda, amala aşyrmak meselesi häzirki döwürde öz ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Yurtda höküm sürýän syýasy durnuklylyk, telekeçiligiñ döwlet tarapyndan goldanylmagy onuñ uzak möhletleýin häsiýete eýe boljakdygyna şaýatlyk edýär. 2011-nji ýylyda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze binasy açylyp ulanmaga berildi. Ýurdumyzda hususy telekeçileriň işjeňligini ýokarlandyrmak üçin gönüden göni telekeçileriň işi bilen baglanyşykly “Rysgal Paýdarlar täjirçilik” atly telekeçileriň banky döredildi. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy kabul edildi.Türkmen ykdysadyýetiniñ içki mümkinçiliklerini doly peýdalanmakda telekeçiligiñ ähmiýeti örän uludyr. Telekeçiligiñ kanuny esaslaryny berkitmekde, onuñ ykdysady infrastrukturasyny ösdürmek ugrunda hormatly Prezidentimiziñ ýolbaşçylygynda uly işler amala aşyrylýar. Döwlet bilen telekeçiligiñ arasyndaky hyzmaldaşlygy ýola goýmak maksadyna eýerip, birnäçe möhüm kararlardyr kanunlar kabul edildi.2012-nji ýylda telekeçiler partiýasynyň döredilmegi olaryň jemgyýetdäki syýasy işjeňliginiň artandygyny görkezýär.2013-nji ýylyň ýanwar aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2012-nji ýylda ösüşiniň jemlerine garamak,ministrlikler we pudaklaýyn edaralar tarapyndan alnyp barylan işleriň netijelerini, birnäçe maýa-goýum gurluşyk maksatnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak meselelerigirizildi,şeýle hem2013-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak kakyndaky”karara gol çekdi. Ýurdumyzda hususylaşdyrmak işi bazar ykdysadyýetine ýuwaş-ýuwaşdan geçkek boýunça meýilnama laýyklykda amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen, adam hakynda alada döwletimiziň baş aladasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 2014-nji ýylyň 28-nji fewralynda geçirilen mejlisinde “Şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek) we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini bermek hakynda” Karara gol çekmegi hem muny ýene bir gezek tassyklaýar.

Berkara döwletimizde telekeçilige hususyýetçilige berilýän ünsüň we ýardamyň netijesinde telekeçilik uly ösüşe eýe bolýar. Türkmenistanyň bazar gatnaşyklaryna geçiş döwründe öz milli aýratynlyklaryny nazara alyp, milli ykdysdadyýetimizi ösdürmekde, ylaýta-da telekeçilige döwlet tarapyndan uly goldawlaryň berilýändigini görkezmek we telekeçiligiň dünýä tejribesini önümçilige ornaşdyrmaga wajyp orna eýedigini bellemekden ybaratdyr.

Akgül MUHAMEDIÝEWA,

Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş Institutynyň 

Rus dili mugallymy