Amerikaly alymlar ýaşaýşa ukyplylyk görkezijileri barlamak üçin FaceBit ýüz datçigini döretdiler. Bu barada Nortuestern Uniwersitetiniň web sahypasynda habar berildi.
Döredilen datçik gaty uly bolman, N95 görnüşli gorag respiratoryna gurnalýar. Enjam magnitli berkidijide saklanýar we islendik gabat gelýän ýüz örtügine diýen ýaly dakyp bolýar. Meşhur fitnes yzarlaýjylarynyň seriýasy FitBit-iň hormatyna dakylan FaceBit, adamyň dem alşyna esaslanýan ýürek urşuna gözegçilik etmek ukybyna eýedir.
Işläp düzüjileriň sözlerine görä, ýürek urşy we dem alyş maglumatlary stresiň ýa-da güýçli respirator keselleriniň güýçlenmeginiň öňüni alyp biler. Dem alyş esasynda işleýän bu enjam, şeýle hem örtügiň ýüze ýanaşyk durşuny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Laboratoriýada döredilen prototipiň içinde akkumulýator oturdylan, enjam ýörite membranadan geçýän howa arkaly zarýad alýar. FaceBit saglyk görkezijilerine gözegçilik etmek üçin arzan enjam hökmünde ýerleşdirildi, enjam 11 güne çenli bir batareýa zarýadynda işläp biler.