Mekdep sumkasy Huawei 9µm Smart Positioning Children’s Schoolbag diýlip atlandyrylar. Ol ene-atalaryň çagasynyň ýerleşýän ýerini yzarlamagyny üpjün edýän akylly ýerleşdirme funksiýasyny goldaýar.
Şeýle hem bu mekdep sumkasy programma arkaly dolandyryşy hem goldaýar. Eger sumka ykjam telefondaky Smart Life programmasyna birikdirilen bolsa, onda üç zolagy belläp bolar: öý / mekdep / başga. Sumka bellenen zona giren ýa-da çykan ýagdaýynda ene-atalar duýduryş alyp bilerler.
Mundan başga-da, sumkada 1.54 dýuýmlyk IP67 tozan we suw geçirmeýän ekran bar. Oňa sapaklaryň tertibini, sagatlary we ş.m. girizip bilersiňiz.
Huawei kompaniýasynyň şeýle sumkalary haçan satyp başlajakdygy entek belli däl.