Ýarymgeçiriji enjamlary öndüriji MediaTek kompaniýasy, 6G standartyny işläp düzmek ýenede iki ýyldan – 2024-2025-nji ýyllarda başlajakdygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, standartyň doly hukukly spesifikasiýasy 2027-nji ýylda çykmaly we takmynan 2030-njy ýyla çenli bolsa tehnologiýa ornaşdyrylmaly.

Onuň çykjak möhletinden başgada, MediaTek hünärmenleri täze nesil aragatnaşygyň esasy aýratynlyklaryny hem yglan etdiler. Mysal üçin, tizlik golografiki we taktil aragatnaşygy üpjün etjek “güýçli programmalary” durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän, tizlik,bu artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.

Bu, 6G-nyň 1Gb/s-dan 1Tbit/s çenli tizlige goldaw berýändigi esasynda mümkin bolar. Şeýle tizlikde 1 sekuntda 4K durulykdajjy filmleriň 12 sanysyna çenli göçürip alyp boljakdygyny bellemelidiris.