Sowuk urma sebäpli dokumalara kislorod iýmitlenmegi kesilýär, kä wagtlar olarda suw hem doňup galýar. Şeýlelik bilen bedene düzedip bolmajak zeper ýetýär. Täze sowuk urma garşy bu krem ​​ýaramaz täsirleri azaldyp biler.

Alymlar öýjüklere aralaşyp we onuň içinde suw doňmagynyň öňüni alyp bilýän dimetil sulfoksidi (DMSO), şeýle hem öýjük membranalaryny buzdan goraýan poliwinil spirtini (PWS) ulandylar. Gözlegçiler bu maddalaryň iň amatly mukdaryny kesgitlediler. Netijede, 2% DMSO we 1,6 mg / ml PWS öýjükleriň 80% -iniň ýaşamagyna mümkinçilik berýär. Täze düzüm SynAFP diýlip atlandyryldy.

Ol syçanlarda synag edildi: “Aloe wera” bilen garylan SynAFP, aýaza goýbermezden 15 minut öň haýwanlara çalyndy. Serişdäniň kömegi bilen sowuk uran ýerleriň sany we ululygy, dokumalaryň zeperlenmegi we sowuklamalar azaldy.