Hytaý ýylyň ilkinji kosmos uçuryşyny üstünlikli ýerine ýetirdi, olar ýere golaý kosmos giňişligini öwrenmek üçin niýetlenen “Şiýan-13” hemrasyny orbitada uçurdy diýip, Hytaýyň kosmos ylymy we tehnologiýa korporasiýasynyň (CASC) beren beýanatynda habar berilýär.

Bortda hemra bolan “Çançžen-2D” raketasynyň uçurylyşy ýerli wagt bilen 10.35-de ýurduň demirgazygyndaky Şansi welaýatynyň Taýuan kosmodromyndan bolup geçdi. Hemra uçurylandan birnäçe wagt soň görkezilen orbita üstünlikli girdi.

“Çançžen” seriýasynyň raketa-göterijileri üçin bu eýýäm 406-njy uçuşy boldy.