Şeýlelik bilen, adaty wirus bilen kesellän bolsaňyz, esasy alamatlar bokurdagyň agyrmagy, boguklylyk, kelle agyry, asgyrmak, burnuň akmagy, üsgülewük, ysyň we tagamyň ýitmegi, şeýle hem 38 gradusdan ýokary temperatura bolar. Bu Britaniýaly hassalarda ýüze çykýan alamatlaryň sanawy diýip, Mirror ýazýar Şeýle-de bolsa, BSGG we Hytaý häkimiýetleriniň bilelikdäki hasabatyna görä, hassalaryň 68% -i şikaýat edýän gury üsgülewügi COVID-19-yň iň köp ýaýran ikinji alamatydyr.

Lukmanlaryň sözlerine görä, gury üsgülewük gakylygyň ýoklugy bilen häsiýetlendirilýär we koronawirusly näsaglarda gaty çuň bolup biler. Şeýle-de bolsa, gury üsgülewigiň bolmagy, bu kowid üsgülewügi aňlatmaýar, sebäbi ol allergiki täsir, gurak jaýyň howasy, çilim çekmeklikdäki, demgysma ýa-da gastroezofagial refleksdäki (GERD) üsgülewüge meňzeş bolup biler.

Şu nukdaýnazardan lukmankar, kowid üsgülewigi dümewdäki üsgülewügi göz bilen tapawutlandyrmagyň mümkin däldigi barada netijä gelýärler.