Digital Chat Station Insaýderi, ýakyn wagtda täze Xiaomi Redmi smartfonynyň çykjakdygyny aýtdy we bu smartfon 2K durulyk ekranyly hemde ýokary surat täzeleniş tizligi bolan, kompaniýanyň iň arzan smartfony bolar.

Häzir şeýle ekranlar Xiaomi 12 Pro, Xiaomi Mi 11 Pro we Xiaomi Mi 11 Ultra ýaly Xiaominiň flagman smartfonlarynda oturdylan. Emma Redmi K40 Pro, Redmi K40 Pro +, Redmi K30 Pro ýaly Redmi flagmanlarynda bolsa FullHD + durulyk ekranlary oturdylan.

Şeýlelik bilen, täze Redmi flagmany, 2K ekrany bolan iň amatly smartfonlaryň biri bolmaly. Has dogrusy, ol ýkynda anons edilmegine garaşylýan Redmi K50 Gaming Edition bolmaz . Şol sebäpli, täzelik barada çykjak soňky maglumatlara garaşmak galýar.