Gutlug Temiriň (1312-1341) minarasy Köneürgençdäki Tekeşiň minarasyndan 200 m daşlykda bolup, onuň şu wagtky beýikligi 60 m. Ozalky beýikligi 62 m düýbüniň diametri 12 m depesiniň diametri 2 m., günbatar tarapyndan belentligi 6,5-7 m bolan gapysy bolupdyr. Içinde aýlaw görnüşinde 144 basgançak ýerleşipdir. Bu minara Gutlug Temiriň döwrinde gurlup tamamlanypdyr. Onuň düýbi horezmde Mamunylar nesilşalygy döwründe (995-1017) tutulypdyr. 1930-njy ýylda Ýakubowskiý onuň ýüzündäki ýazgylary pars dilinden terjime edýär. Plýawskiniň barlagy netijesinde bu minaranyň 1320-1330-njy ýyllar aralygynda gurlandygyny anyklady.

Taýýarlan: Döwletmyrat Tejenow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.