Xiaomi geçen ýyl Nançang uniwersiteti tarapyndan işlenip düzülen çyra üçin gerekli serişdeleri jemledi.  Ol zyýanly gök şöhle ýaýratmaýanlygy sebäpli, gaty meşhur boldy.  Indi şuňa meňzeş önüm çykdy, Midian atly okamak üçin niýetlenen ýagtylyga duýgur çyra.

Çyradaky ýagtylyk çeşmesi, altyn-sary reňkli ýagtylyk ýarym geçirijileridir.  Çyranyň goşa halka konstruksiýasy bar.  Ol işlemek üçin, örän laýyk yşyk ýaýradyp biler.  Bu ýerde gök şöhle ýaýramaýar. Gök yşyk gözlere zyýanly hasaplanýar.  Hut şonuň üçin bu çyra zyýansyz hasaplanýar.

Şeýle hem Midian-yň ýagtylygy tanamak ukyply algoritmi bar.  Stolyň üstünde goýulýan ýura, daşky gurşawyň ýagtylygyny kesgitleýär we özüniň çykyş ýagtylygyny awtomatiki sazlap bilýär.

Hojaberdiyew Begenç
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.